“Saglyk Hyzmatlarynda Haýsydyr Bir Krizise Asla Rugsat Bermeris”

Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

1731159
“Saglyk Hyzmatlarynda Haýsydyr Bir Krizise Asla Rugsat Bermeris”

Prezident R. T. Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy alyp barýan göreşiniň üstünlikli dowam edýändigini aýdan Erdogan, iki ýyldan bäri dowam edýän epidemiýanyň täze tolkunlar we täze görnüşler bilen howply bolmaga dowam edýändigini belledi.

Türkiýäniň epidemiýa garşy göreşde dünýäde başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýdan Erdogan, Kovid-19-yň ösen ýurtlar bilen birlikde ähli ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamynyň başda durmagynda birnäçe pudagyň işini has-da kynlaşdyrýandygyny nygtady.

Prezident Erdogan saglygy goraýyş hyzmatlarynda haýsydyr bir krizise asla rugsat bermändiklerini we bermejekdiklerini aýratyn belledi.

Erdogan, Türkiýede wirusa ýoluganlaryň, hassahanalaryň we wirus sebäpli ýogalýanlaryň sanynyň gözegçilik astyndadygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar