Türkiýe, Owganystanda Metjide Guralan Bombaly Hüjümi Ýazgardy

Fatymmiýe metjidine guralan bombaly hüjümde 30 adam ýogalypdy, 200-den gowrak adam hem ýaralanypdy.

1720282
Türkiýe, Owganystanda Metjide Guralan Bombaly Hüjümi Ýazgardy

Türkiýe, Owganystanyň Kandahar welaýatynda Juma namazy okalýarka metjide guralan bombaly terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada,  “Owganystanyň Kandahar welaýatynda şu gün Juma namazy okalýarka metjide guralan bombaly terrorçylykly hüjümde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, “Owganystanda soňky döwürde esasan metjitleri nyşana alýan terrorçylykly hüjümleri berk ýazgarýarys. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa, dost we doganlyk owgan halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýildi.

Owganystanda Talibanyň galasy hökmünde bilinýan ýurduň günortasynda ýerleşýän Kandahar welaýatynda şaýylaryň Fatymmiýe metjidine guralan bombaly hüjümde 30 adam ýogalypdy, 200-den gowrak adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar