Türkiýe Bilen Gresiýanyň Arasyndaky Geňeşeler Ankarada Dowam Eder

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky 63-nji tapgyr geňeşmeler şu gün paýtagt Ankarada geçiriler.

1715316
Türkiýe Bilen Gresiýanyň Arasyndaky Geňeşeler Ankarada Dowam Eder

Geňeşmelerde Egeý we Ortaýer deňizleri boýunça düşnüşmezlikler seljeriler.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky meseleleriň çözülmegi üçin 2002-nji ýylyň 12-nji martynda Ankarada gepleşiklere başlapdy.

Gepleşikler 2016-njy ýyla çenli dowam etdi. Emma Gresiýanyň pozisiýasy sebäpli gepkeşiklere 5 ýyl arakesme berildi.

Geňeşmeler Türkiýäniň çagyryşyna laýyklykda 25-nji ýanwarda Stambulda ýaňadandan başlady.

İki ýurduň arasyndaky geňeşmeler soňky gezek mart aýynda Gresiýanyň paýtagty Afyny şäherinde geçirilipdi.



Degişli Habarlar