Çawuşogly Iş Sapary Bilen Ukraina Gider

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-Ukraina bilelikdäki strategik meýilleşdiriş toparynyň 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin ertir Ukraina gider

1715651
Çawuşogly Iş Sapary Bilen Ukraina Gider

Çawuşogly Türkiýe-Ukraina bilelikdäki strategik meýilleşdiriş toparynyň oktýabr aýynyň 7-8-i aralygynda Lwow şäherinde geçiriljek 9-njy maslahatyna gatnaşar.

Ministr Çawuşoglunyň gatnaşjak maslahatynda Ýokary derejeli strategik Geňeşiň maslahatyna görülýän taýarlyklar seljeriler we aktual, sebitleýin hem-de halkara meseleler boýunça pikir alyşylar.

Çawuşogly Lwowyň Iwan Franko adyndaky milli uniwersitetiniň 360 ýyllygy mynasybetli guraljak diplomatiýa temaly maslahata hem gatnaşar.

 



Degişli Habarlar