Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Saglyk ýagdaýy gowulaşan 22 müň 4 adam öýlerine ugradyldy

1714062
Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 194 boldy.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 348 müň 462 adam testden geçirildi.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 27 müň 351 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşan 22 müň 4 adam öýlerine ugradyldy.

Beýleki tarapdan Türkiýede häzirki wagta çenli birinji, ikinji we üçünji doza sanjymlaryň sany 110 million 333 müň 793-e ýetdi.



Degişli Habarlar