Prezident Erdogan Soçi Şäherine Gitdi

Prezident R.T.Erdogan Soçide Russiýanyň ýokary derejeli resmi adamlary, Türkiýäniň Russiýadaky İlçisi we beýleki diplomatlar tarapyndan garşylandy.

1712177
Prezident Erdogan Soçi Şäherine Gitdi

Erdogan Soçi şäherinde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen ikiçäk duşuşyk geçirer. Gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Siriýa meselesi bolar.

Erdogan ilkinji nobatda Tel Rifatdadaky we Manbijdäki PKK degişli pozisiýalara ünsi çeker. Astana ylalaşyklaryna laýyklykda terror toparlarynyň ortadan aýrylmagynyň möhümdigini nygtar.

Prezident Erdogan Russiýa tarapyndan gözegçilik edilýän etraplardan soňky döwürde Türkiýä guralýan hüjümlerden duýulýan biynjalyklygy beýan eder we hüjümleriň öňüniň alynmagyny islär.

İdlibden we Siriýadan täze bosgun tolkunyň emele gelme howpy boýunça pikir alyşyljak duşuşykda, Liwiýa, Owganystan ýaly aktual we sebitleýin meseleler seljeriler. Aýratynam Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary boýunça pikir alyşylar.

Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde Milli howpsuzlyk guramasynyň Başlygy Hakan Fidan, Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň Diwanynyň metbugat Sekretary İbrahim Kalyn hem Soçi şäherine gitdiler.



Degişli Habarlar