Türkiýäniň Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 25 müň 861 adama ýetdi

1710656
Türkiýäniň Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 228 boldy.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 341 müň 221 adam testden geçirildi.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 25 müň 861 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşan 24 müň 875 adam öýlerine ugradyldy.

Beýleki tarapdan Türkiýede häzirki wagta çenli birinji, ikinji we üçünji doza sanjymlaryň sany 107 million 850 müň 664-e ýetdi.



Degişli Habarlar