“TEKNOFEST Geljek Ýyldan Başlap Marka Ýagdaýyna Geler”

“Geljek ýyldan başlap TEKNOFESTi halkara marka ýagdaýyna getireris. Jan Azerbaýjanyň başda durmagynda dost we hyzmatdaş ýurtlarda hem geçireris”

1710456
“TEKNOFEST Geljek Ýyldan Başlap Marka Ýagdaýyna Geler”

Prezident R. T. Erdogan, TEKNOFESTi geljek ýyldan başlap halkara derejesinde ýakyndan tanalýan marka ýagdaýyna getirjekdiklerini aýtdy.

Erdogan Atatürk adyndaky howa menzilinde geçirilýän Türkiýäniň iň uly tehnalogiýa festiwaly bolan TEKNOFEST festiwalyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan aýaly Emine Erdogan we Nobel baýragynyň eýesi türk alymy Aziz Sanjar we talyplar bilen birlikde Türk goranyş senagatynyň buýsanjy bolan howa ulaglarynyň “Milli Ganatlar” howa görkezilşine tomaşa etdi.

Prezident Erdogan “Geljek ýyldan başlap TEKNOFESTi halkara marka ýagdaýyna getireris. Jan Azerbaýjanyň başda durmagynda dost we hyzmatdaş ýurtlarda hem geçireris” diýdi.

Prezident Erdogan ýerli we milli tehnalogiýa enjamlarynyň öndürilmeginde soňky 19 ýylda durmuşa geçiren işleriniň uly rol oýnaýandygyny belledi.



Degişli Habarlar