“Çagalarymyza Eşretli Gelejek Gurmak Ählimiziň Borjy”

Prezident Erdogan BMG-niň Azyk ulgamlary sammitine wideo ýüzlenme ugratdy

1710079
“Çagalarymyza Eşretli Gelejek Gurmak Ählimiziň Borjy”

Prezident R.T.Erdogan BMG-niň Azyk ulgamlary sammitine wideo ýüzlenme ugratdy

Erdogan wideo ýüzlenmesinde; “Çagalarymyza adalatly, eşretli gelejek gurmak ählimiziň borjy” diýdi.

Prezident R.T.Erdogan sammite ugradan ýüzlenmesinde durnukly galkynyşyň çäginde açlygyň 2030-njy ýylda ortadan aýrylmagy boýunça goýulan maskada ýetmegiň gynansagam mümkin däkdigini beýan etdi.

Dünýäniň ilaty artýarka global azyk isleginiň hem gutulgysyz ýagdaýda artýandygyny nygtan Erdofan, ýygjamlygy we agyr netijeleri artýan tebigy apatlar, suw gytlygy, gurakçylyk ýaly howa çalşygynyň netijeleriniň hem azyk serişdelerine ýaramaz täsir ýetirýändigini aýtdy.

Azyk ulgamlary boýunça çykdajylaryň artýandygyny, azyk serişdelerine elýeterliligin kynlaşandygyny, ynamsyzlaşan azyk howpsuzlygynyň şu günki günüň esasy synaglaryndan biri bolan köpçülikleýin göçe sebäp bolýandygyny nygtan Erdogan, Türkiýäniň koronawirus pandemiýasyndan ozal, 2019-njy ýylda degişli başlangyçlary iş ýüzüne geçirmäge başlandygyny gürrüň berdi.

Erdogan; “Milli maksatnamamyz, ýokumlylygy ýokary, ýeterlik we howpsuz azygyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyndan, azyk ýitgisiniň we isribinin azaldylmagyna, ekerançylyk, maldarçylyk we deňiz önümleri pudaklarynda durnuklylykdan adatdan daşary ýagdaýlara we çökgünliklere garşy  azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine çenli dürli ugurlara gönükdirilen” diýdi.

Ýeterlik ýokumlylyga eýe we howpsyz azyga elýeterliligiň ygtyýar däl, eýsem hemmeler üçin hukukdygyny nygtan Erdygan; “Çagalarymyza adalatly, eşretli gelejek gurmak ählimiziň borjy. Türkiýe bu ugurda irginsiz işleýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar