Erdogan BMG-nyň howlusyndaky Göbeklidepe obelisk nusgasyna tomaşa etdi

BMG Göbeklidepedäki obelisk nusgalaryna wagtlaýyn ýagdaýda ýer eýeçiligini eder

1709068
Erdogan BMG-nyň howlusyndaky Göbeklidepe obelisk nusgasyna tomaşa etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-nyň baş merkezinde sergilenýän Anadolynyň 12 müň ýyllyk mirasy bolan Göbeklidepedäki obeliskleriň nusgalaryna tomaşa etdi.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Medeni mirasynyň sanawyna 2018-nji ýylda alynan Göbeklidepedäki obeliskleriň nusgalarynyň kiçi görnüşli nusgalary BMG-nyň Merkezi binasynyň howlusynda sergilenmäge başlady. 

Prezident Erdogan, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda eden çykyşyndan soň BMG-nyň howlusynda sergilenýän Göbeklidepe obeliskleriniň nusgalaryna tomaşa etdi. 

Obelisk nusgalary BMG-da sergilenýän Anadolynyň antik döwrüne degişli 2-nji eser boldy.  

BMG Göbeklidepedäki obelisk nusgalaryna wagtlaýyn ýagdaýda ýer eýeçiligini eder. 

Şanlyurfa welaýatynda ýerleşýän Göbeklidepe, 12 müň ozal gurulan, ilkinji oturymly ýaşaýyş ýeri hökmünde bilinýar. 


Etiketkalar: #howly , #BMG , #nusga , #obelisk , #Göbeklidepe

Degişli Habarlar