Prezident Erdogan ABŞ-na sapar gurar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasyna gatnaşmak maksady bilen şu gün ABŞ-na sapar gurar

1707630
Prezident Erdogan ABŞ-na sapar gurar

Prezident Erdogan, Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasyna gatnaşmak maksady bilen 19-22-nji sentýabr aralygynda ABŞ-da saparda bolar. 

Prezident Erdogan 20-nji sentýabr duşenbe güni Nýu-Ýorkda gurulan Täze Türk öýi binasynyň açylyşyny ýerine ýetirer. 

Prezident Erdogan "Koronawirus epidemiýasynyň hötdesinden gelmek, Dikeldişiň täzeden gurulmagy, Älem giňişliginiň zerurlyklarynyň üpjün edilmegi, Adam hukuklaryna hormat goýmak we BMG-nyň ýaňadandan janlandyrylmagy üçin Raýdaşlygyň umyt ýolunyň üsti bilen dikeldilmegi" temasy bilen geçiriljek BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň ilkinji güni bolan 21-nji sentýabrda çykyş eder. 

Saparynyň çäginde BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen birlikde köp sanda döwlet we hökümet ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirijek Prezident Erdogan, mundan başgada Türk-Amerikan Milli ugrukdyrma komitedi tarapyndan geçiriljek "Has adalatly dünýä mümkin" atly maslahatyň çäginde ABŞ-daky türk, kowumdaş milletler we musulman jemgyýetleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirer. 

Prezident Erdogan ABŞ-daky metbugat gulluklary bilen brifing geçirmegi we Türk-Amerikan Işewürler geňeşi tarapyndan ABŞ-nyň işewür dünýäsiniň wekilleriniň gatnaşmagynda amala aşyryljak 11-nji Türkiýede Maýa goýum konferensiýasynyň Gala naharyna gatnaşmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar