Yragyň demirgazygynda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Penje operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1706462
Yragyň demirgazygynda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda terrorçylara garşy geçirýän operasiýalaryny tutanýerlilik bilen dowam etdirýär. Penje operasiýasy sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy ATAK dikuçarlar tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar