“Raýatlaryma Kovid-19 Sanjymlaryny Etdirmekleri Üçin Çagyryş Berýärin”

Erdogan, Türkiýede täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy 100 million doza sanjymyň edilendigini nygtady.

1705465
“Raýatlaryma Kovid-19 Sanjymlaryny Etdirmekleri Üçin Çagyryş Berýärin”

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýede täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy 100 million doza sanjymyň edilendigini nygtady.

Erdogan, Twitterden beren habarnamasynda, “Koronawirusa garşy edilen sanjymlaryň mukdary şu gün 100 million dozadan geçdi. Ýerli sanjymymyz TURKOVAC-yň ulanylmaga berilmeginden soň enşalla epidemiýanyň ýaramaz täsirinden halas bolarys. Ähli raýatlarymyza sanjymlaryny etdirmekleri we Kovid-19-a garşy göreşimize goldaw bermäge çagyrýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar