Siriýanyň Demirgazygynda 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
“Gahryman esgerlerimiz terrorçylara ýene-de bir gezek agyr zarba urdy"
1704566
Siriýanyň demirgazygynda Ýefrat Galkany operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 13 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginden berlen habarnamada “Gahryman esgerlerimiz terrorçylara ýene-de bir gezek agyr zarba urdy. Siriýanyň demirgazygynda Ýefrat Galkany operasiýasy zolagynda terrorçylaryň hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklandy. Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 13 terrorçy Türk ýargly güýçlerimiziň üstünlikli operasiýasy netijesinde täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.