Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

"Terrora garşy göreş soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder”

1697961
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy howa hüjüminde täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasyna görä, Türk ýaragly güýçleri milli howpsyzlyk gullugy bilen utgaşykly ýagdaýda terrorçylara zarba urmaga dowam edýär.

Beýannamada, “Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy howa hüjüminde täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrora garşy göreş soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder” diýildi.



Degişli Habarlar