Erdogan Bosniýa-Gersegowina Sapar Gurar

Prezident R.T.Erdoganyň şu gün resmi sapar bilen Bosniýa-Gersegowina we Garadaga gitjekdigi habar berildi

1698237
Erdogan Bosniýa-Gersegowina Sapar Gurar

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen ýazmaça beýannama görä Erdogan Bosniýa-Gersegowiýanyň Prezidiumynyň çakylygyna laýyklykda şu gün remi sapar bilen Saraýewo şähgerine barar.

Saparyň çäginde Bosniýa-Gersegowiýanyň Prezidiumynyň Başlygy Seliko Komsij, Prezidiumyň agzalary Şefik Jaferowiç we Milorad Dodik bilen geçiriljek duşuşyklarda Türkiýe bilen Bosniýa-Gersegowinanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn seljerilip, bar bolan hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy hakynda pikir alyşylar.

Prezident Erdogan Bosniýa-Gersegowina saparyndan soň Garadagyň Prezidenti Milo Jukanowiçiň çakylygyna laýyklykda ertir Garadaga sapar eder.

Garadagda geçiriljek duşuşyklarda özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn seljeriler, hyzmatdaşlygyň hasam ösdürilmegi üçin bar bolan şertler hakynda pikir alyşylar.

Iki saparyň dowamynda-da Balkan se bitindäki aktual meseleler, sebitleýin we halkara wakalar hakynda pikir alyşylar.

 



Degişli Habarlar