Kabulda kyn ýagdaýda galan Saglygy goraýyş edarasynyň 5 işgäri halas edildi

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde kyn ýagdaýda galan Saglygy goraýyş edarasynyň 5 işgäri Türk howpsuzlyk güýçleri tarapyndan halas edildi

1694413
Kabulda kyn ýagdaýda galan Saglygy goraýyş edarasynyň 5 işgäri halas edildi

Owganystana birnäçe wagt ozal Saglygy goraýyş syýahatçylygy üçin giden Saglygy goraýyş edarasynyň 5 işgäri, kyn ýagdaýda galan Kabul şäheriniň merkezinden Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan halas edildi. 

Talibanyň ýurdyň paýtagty Kabul şäherini gözegçiligi astyna almagyndan soň, ýurtdan göçüriliş işleri dowam edýärkä, şäheriň merkezinde kyn ýagdaýda galan adamlaryň howpsuz zolaga geçirilmegi bilen bagly tapgyr dowam edýär. 

Saç transplantasiýa klinikasynda işlemek maksady bilen 23 gün ozal Owganystana giden 2-si zenan jemi 5 türk raýaty, Kabul şäherinde işleýän merkezlerinde kyn ýagdaýda galdylar. 

Sosial medianyň üsti bilen ýardam berilmek barada çagyryş beren adamlar, Türk howpuzlyk güýçleri tarapyndan kyn ýagdaýda galan şäheriň merkezinden halas edilip, ýurda getirilmekleri üçin Kabul Hamid Karzaý halkara howa menziline alynyp gidildiler. 

Saglygy goraýyş edarasynyň işgärleriniň ilkinji göçüriliş uçary bilen ilki bilen Pakistana, soň bolsa Türkiýä getirilmekleri göz öňünde tutulýar. 

Geçen hepdäniň ýekşenbe güni Kabuly gaban Taliban, Prezident Aşraf Ganiniň ýurdyň terk etmeginden we hökümete bagly howpsuzlyk güýçleriniň paýtagtdan çykmagyndan soň şäheri çaknyşyksyz ýagdaýda gözegçiligine geçiripdi. 



Degişli Habarlar