Çawuşogly Owganystan bilen bagly telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Owganystan meselesi boýunça telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

1693398
Çawuşogly Owganystan bilen bagly telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Çung Yý-Ýong we Awstraliýanyň Daşary işler ministri Marise Paýne bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. 

Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň we Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşandyklary habar berildi. 

Taraplar Owganystanda durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin sebitleýin we halkara aktýorlaryň howpsuzlygy we düzgüni bilelikde üpjün etmelidiklerini beýan etdiler. 

Telefon söhbetdeşliginde şeýle hem halkara we ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem maslahatlaşyldy. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Çung Yý-Ýong bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde hem Owganystanyň soňky ýagdaýy ele alyndy. 

ABŞ bilen Talibanyň arasynda 2020-nji ýylyň fewral aýynda gazanylan ylalaşygyň çäginde, halkara harby güýçleriň Owganystandan çekilmek tapgyry başlapdy.

Owganystanyň hökümeti bilen Katarda gepleşiklerini dowam etdiren Taliban, şol bir wagtyň özünde iýun aýyndan bäri hüjümlerini artdyrypdy we Owganystanyň ençeme welaýat merkezini ele geçiripdi.

Geçen hepdäniň ýekşenbe güni ýurdyň paýtagty Kabul şäherini gaban Taliban, Prezident Aşraf Ganiniň ýurdy terk etmegi we hökümet güýçleriniň Kabul şäherinden çekilmegi bilen ol ýerleri dolulygyna gözegçiligi astyna aldy. 



Degişli Habarlar