Türkiýede 208 ýangynyň 196-sy gözegçilik astyna alyndy

Türkiýede 28-nji iýulda başlan we häzirki wagtda hem dowam edýän tokaý ýangynlarynyň 208-siniň 196-synyň gözegçilik astyna alynandygy habar berildi

1686713
Türkiýede 208 ýangynyň 196-sy gözegçilik astyna alyndy

Tokaý hojalygy Baş müdürligi Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Türkiýäniň esasan hem günorta sebitlerinde täsirli bolan tokaý ýangynlary bilen bagly soňky maglumatlary paýlaşdy. 

Beýanatda: "Şu gün sagat 09:45-e çenli 28-nji iýul-6-njy awgust aralygynda, Türkiýede bolan 208 tokaý ýangynynyň 196-sy döwletimiziň ähli mümkinçilikleri ulanylyp gözegçilik astyna alyndy" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar