Erdoganyň Ýolbaşçylygyndaky ÝHG-iň Agzalary Anytkabyri Zyýarat Etdi

Ýokary harby geňeşiň maslahaty öz işine başlady

1685504
Erdoganyň Ýolbaşçylygyndaky ÝHG-iň Agzalary Anytkabyri Zyýarat Etdi
erdogan yas toplantisi.jpg
erdogan yas uyeleri anitkabir'de.jpg

Prezident R.T.Eroganyň ýolbaşçylyk etmegindäki Ýokary harby geňeşiň agzalary Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Atatürkiň aramgähini zyýarat etdi.

Erogan we ÝHG-iň agzalary Prezidentiň kompleksinde geçiriljek maslahatdan ozal Anytkabire bardylar.

Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki harby we syýasy ýolbaşçylar aramgähiň basgançaklarynyň öňünde ýadygärlik surat aldyrandan soň Milli kasam minarasyna bardylar. Ol ýerde Anykabiriň ýatlama depderine öz garaýyşlaryny ýazan Erdogan: “Eziz Atatürk, Ýokary harby geňeşin agzalary bilen 2021-nji ýylyň maslahaty mynasybetli ýene-de bir gezek huzuryňyza geldik. Türkiýe Respublikasyny siziň ýolbeletligiňizde döwrebap medeniýetleriň derejesinden hem ýokary götermek üçin göreşimiz dowam edýär. Bütin dünýä agyr täsir ýetiren koronawirus pandemiýasyna garamazdan Türkiýe ykdysadyýetden goranyşa, önümçilikden saglygy goraýyş pudagyna çenli ençeme pudakda möhüm üstünlikler gazanýar. Bu tapgyrda Türk ýaragly güýçleri ýurduň içinde we daşynda amala aşyrýan üstünlikli operasiýalary bilen milletimiziň ynamyny güýçlendirýär. Ruhuň şat bolsu!” diýip ýazdy.

Beýleki tarapdan Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk edýän Ýokary harby geňeşiň maslahaty Türkiýe wagty boýunça 12:20-de Prezidentiň Kompleksinde öz işine başlady.

 



Degişli Habarlar