Türkiýäniň Prezidenti horwatiýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiç bile telefon arkaly söhbetdeş boldy

1684470
Türkiýäniň Prezidenti horwatiýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Erdogan telefon söhbetdeşliginde tokaý ýangynlary sebäpli Türkiýä gynanç bildiren we ýangyna garşy göreş üçin goldaw beren Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiçe minnetdarlyk bildirdi. 

Horwatiýanyň bir ýangyn söndüriji uçaryny tokaý ýangynlaryna garşy göreş maksady bilen Türkiýä ugratmagyndan hoşaldygyny aýdan Prezident Erdogan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bular ýaly günlerde has manyly ýagdaýa gelýändigini habar berdi. 



Degişli Habarlar