Türkiýe Gresiýa Protest Notasyny Berdi

Edirne welaýatynda Gresiýa tarapyndan od açylyp öldürilen Türkiýäniň raýaty sebäpli Gresiýa nota berildi

1683576
Türkiýe Gresiýa Protest Notasyny Berdi

Edirne welaýatynda düýn ýerli wagt bilen sagat 19:20-de Gresiýa tarapyndan ýönekeý egin-eşik geýinen adam ýa-da adamlar tarapyndan od açylmagy netijesinde Türkiýäniň 1 raýaty ýogaldy. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi çeşmelerinden alynan maglumata görä, Gresiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi waka bilen baglanşykly ministrlige çagyrylyp,  Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçiniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisine reaksiýa bildirilýän nota berildi. 

Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçiniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, protest bildirilen bu wakanyň derňewiniň netijesi barada maglumat berilmegini, ganhoryň ýa-da ganhorlaryň tussag edilip jezalandyrylmagy, wakanyň ýaňadandan gaýtalanmazlygy üçin gerek bolan çäreleriň görülmegi barada talap bildirildi. 


Etiketkalar: #Gresiýa , #Türkiýe , #protest , #nota

Degişli Habarlar