Russiýa Ýangynlaryň Söndürilmegi Üçin Türkiýä Kömek Bermäge Dowam Eder

Erdogan bilen Putin telefon söhbetdeşlik geçirdi.

1683233
Russiýa Ýangynlaryň Söndürilmegi Üçin Türkiýä Kömek Bermäge Dowam Eder

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon söhbetdeşlik geçirdi.

Kremlden berlen ýazmaça beýannama görä, Erdogan bilen Putin telefon söhbetdeşliginde Türkiýedäki tokaý ýangynlary hakynda pikir alyşdy.

Rus lideri Putin, ýangynlaryň söndürilmegi üçin Türkiýä ýardam bermäge dowam etjekdiklerini aýdy.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde düýn paýtagt Moskwada geçirlen Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň 17-nji maslahatynyň netijeleri hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar