Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Yragyň demirgazygyna guralan harby howa operasiýasynda PKK degişli 40 pozisiýa derbi dagyn edildi

1682649
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Türk ýaragly güýçleriniň terror guramasy PKK garşy netijeli we giň gerimli operasiýalary dowam edýar.

Yragyň demirgazygyndaky Kandil, Gara, Hakurk, Zap etraplarynda ýerleşýän we terrorçylar tarapyndan ulanylýan pozisiýalara düýn harby howa operasiýasy guraldy.

Terrorçylara degişli gaçybatalgalar, gowaklar we ok-däri ammarlary, karargäh diýilýän ýerler hatardan çykaryldy. Terror guramasynyň şol etraplardaky güýjüne agyr zarba uruldy.

Milli goranmak ministrliginiň beýannamasynda; “Asylzada milletimiziň gahryman goşunlary tarapyndan ýurdumyzyň we milletimiziň howpsuzlygy üçin terörizme garşy göreşimizi iň soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder” diýilýär.



Degişli Habarlar