Täze Ýyldan Bäri 1595 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam edýär.

1682386
Täze Ýyldan Bäri 1595 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada soňky 2 aýda terror guramalaryna garşy ýurduň içinde we serhetaşa 10-y uly we 30- orta göwrümli bolmak bilen jemi 40 operasiýanyň geçirlendigi nygtaldy.

Beýannamada 23-nji aprelde Yragyň demirgazygynda başlan “Penje-Ýyldyrym” operasiýalarynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi we operasiýanyň başlan gününden bäri 215 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany bolsa 1591-e ýetdi.



Degişli Habarlar