Türkiýe, Germaniýadaky Sil Apaty Sebäpli Gynanç Bildirdi

Germaniýada sil apaty sebäpli 80-den gowrak adamyň ýogalmagyna we 70-den gowrak adamyň ýitmegine gynanç bildirildi

1676374
Türkiýe, Germaniýadaky Sil Apaty Sebäpli Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Germaniýanyň günbatarynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Germaniýanyň günbataryndaky sil apaty sebäpli 80-den gowrak adamyň ýogalmagyna we 70-den gowrak adamyň ýitmegine uly gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Beýannamada “Tebigy apatda ýogalanlaryn hossarlaryna, germaniýanyň halkyna we hökümetine uly gynanç bildirýäris. Ýitenleriň gysga wagtda sag aman halas edilmeklerini umyd edýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.



Degişli Habarlar