Prezident Erdogan Türkiýäniň Ýaşlary maslahatyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Ýewropadan Kanada çenli mümkin bolan ähli pursatda adam hukuklary, demokratiýa, azatlyk  bilen bagly nesihatlary berýänleriň taryhyndaky utandyryjy tegmilleri, bir-birden ýüze çykýar" diýip belledi

1674135
Prezident Erdogan Türkiýäniň Ýaşlary maslahatyna gatnaşdy

Prezident Erdogan, paýtagt Ankara şäherindäki Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde geçirilen Türkiýäniň Ýaşlary maslahatynda eden çykyşynda, Srebrenisa gyrgynçylygynyň 26-njy ýyly sebäpli geçirilen hatyralama çäresiniň üstünde durup geçip: "Düýn 26-njy ýylyny belläp geçen Srebrenisa gyrgynçylygynda şehit bolan bosniýaly doganlaryma Alladan rehnet dileýärin" diýip nygtady. 

Ýewropanyň ortasynda BMG-nyň gözüniň öňünde edilen bu gyrgynçylygyň adamzat taryhyna gara tegmil hökmünde ýazylandygyny aýdan Erdogan: "Wagşylyk bilen öldürilen 8 müň 372 doganymyzyň ýarasy ýüregimizi paralamaga dowam edýär. Tapylýan her bir köpçülikleýin mazar bilen gam-gussamyz ýaňadandan gaýtalanýar. Bu mazarlar gyrgynçylygy ýatdan çykarmazlyk, ýatdan çykardyrmazlyk jogapkärçiligini bize ýatladýar. Bular ýaly hadysalary başdan geçirmezlik üçin hem-de Günbataryň gyrgynçylyk hakykaty bilen garşylaşmagy üçin muny etmäge mejburdyrys. Ýewropadan Kanada çenli mümkin bolan ähli pursatda adam hukuklary, demokratiýa, azatlyk  bilen bagly nesihatlary berýänleriň taryhyndaky utandyryjy tegmilleri, bir-birden ýüze çykýar" diýip belledi. 



Degişli Habarlar