Mustafa Şentopyň Kuweýt sapar dowam edýär

Mustafa Şentop we ýanyndaky parlament wekiliýeti düýn Kuweýde barypdylar

1674058
Mustafa Şentopyň Kuweýt sapar dowam edýär

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, şu gün irden Beýan köşgünde Kuweýdiň Emiriniň wekili we Mirasdar Şazadasy Şeýh Meşal Al Jabir Al Sabah we Kuweýdiň Premýer ministri Şeýh Sabah Al Halid Al Sabah bilen duşuşyk geçirdi.

Mustafa Şentop we ýanyndaky parlament wekiliýeti düýn Kuweýde barypdylar. 

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, şu gün irden Beýan köşgünde Kuweýdiň Emiriniň wekili we Mirasdar Şazadasy Şeýh Meşal Al Jabir Al Sabah bilen duşuşyk geçirdi. 

Mustafa Şentop ol ýerde eden çykyşynda, Türkiýe bilen Kuweýdiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigine ünsleri çekip: "Halklarymyzyň arasynda taryhdan gözbaş alýan berk gatnaşyklar, umumy medeni gymmatlyklar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has hem güýçlendirýär" diýip belledi. 

Iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça has hem berkitmek üçin tagalla edýändiklerini aýdan Mustafa Şentop, şol çäkde koronawirus global epidemiýasy sebäpli birnäçe wagt togtan ikitaraplaýyn ýokary derejeli saparlary ýaňadandan başlatmakdan we ikiçäk duşuşyklar geçirmekden hoşaldyklaryny habar berdi. 

Mustafa Şentop, mundan başgada Palestina dawasynyň ýurtlaryň ikisiniň bilelikde tutanýerlilik bilen hereket edýän tankydy meseleleriň başynda gelýändigini belläp: "Hormatly Al Ganim bilen şol çäkde wagtal-wagtal netijeli gepleşikler geçirdik. Şol çäkde TBMM-niň başlygy hökmünde Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentar assambleýasynyň çägindäki Palestina komitedine üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda Stambulda Parlamentleriň başlyklary derejesinde ýer eýeçilik etmek isleýändigimizi siziň Alyhezretiňize ýetirmek isleýärin. Nesip bolsa şol maslahatda palestinaly doganlarymyzyň asudalygy we howpsuzlygy üçin netijeli geňeşmeler geçirip, kabul etjek möhüm kararlary Stambulda bütin dünýä yglan ederis" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar