Türkiýäniň Daşary işler ministri Gaitili kärdeşi bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gaitiniň wagtlaýyn Premýer ministri we Daşary işler ministri Klod Žozef bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1673329
Türkiýäniň Daşary işler ministri Gaitili kärdeşi bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Mewlüt Çawuşogly Gaitiniň wagtlaýyn Premýer ministri we Daşary işler ministri Klod Žozef bilen düýn telefon arkaly gürrüňdeş boldy. 

Ministr Çawuşogly telefon söhbetdeşliginiň barşynda geçen hepde janyna kast edilip öldürilen Gaitiniň Prezidenti Howenel Moýs üçin gynanjyny bildirdi we Türkiýäniň Gaiti döwletine kömek bermäge taýardygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar