Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Türkiýede Saparda Bolar

Iýul aýynyň 9-11-i aralygynda guraljak resmi saparyň çäginde özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

1672490
Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Türkiýede Saparda Bolar

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Türkiýä geler.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iýul aýynyň 9-11-i aralygynda guraljak resmi saparyň çäginde özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Mahmud Abbasyň saparynyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde Türkiýe bilen dost we doganlyk ýurt Palestina döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, Palestinada geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlaw we Ysraýyl-Palestina dartgynlygy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar