Gresiýa geçmäge synanyşan PKK-a agza 2 terrorçy tussag edildi

Bikanun ýollar bilen Gresiýa geçmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy tussag edildi

1668029
Gresiýa geçmäge synanyşan PKK-a agza 2 terrorçy tussag edildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Edirne welaýatynyň Ipsala we Meriç etraplarynda gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän Döwlet serhet gullugyna degişli harbylarymyz ýurdumyzdan Gresiýa bikanun ýollar bilen geçmäge synanyşan 2 adamy tussag etdiler. Geçirilen derňew işleriniň netijesinde saklanan adamlaryň terror guramasy PKK-nyň agzalarydygy anyklandy" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #Edirne welaýaty , #PKK

Degişli Habarlar