Prezident Erdogan Eýranyň täze Prezidentini gutlady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Eýranyň Prezidentligine saýlanan Ibrahim Reisä gutlag hatyny ugratdy

1661366
Prezident Erdogan Eýranyň täze Prezidentini gutlady

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Prezident Erdogan saýlawyň netijesiniň dostlukly we doganlyk Eýranyň halky üçin düşümli bolmagyny diledi. 

Ibrahim Reisiniň Prezidentligi döwründe iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem berkejekdigine ynanýandygyny aýdan Erdogan, şol çäkde Reisi bilen bilelikde işleşmäge taýardyklaryny mälim etdi. 

Koronawirus epidemiýasynyň hötdesinden gelinmeginden soň Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň öňümizde geçiriljek tapgyry mynasybetli Eýrana sapar guramakdan hoşal boljakdygyny aýdan Erdogan: "Şol mynasybetli täze wezipäňizde üstünlikler arzuw edýärin, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ruhunyň ähli ugurlar boýunça güýçlenip dowam etjekdigine bolan ynanç bilen dostlukly we doganlyk Eýranyň halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk üçin iň gowy arzuwlarymy ýetirýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar