Hytaýyň Sinowak sanjymyndan bäş million doza Türkiýä getirildi

Hytaýyň Sinowak kärhanasy tarapyndan koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan Koronawak sanjymyndan ýene-de 5 million doza düýn Türkiýä getirildi

1661359
Hytaýyň Sinowak sanjymyndan bäş million doza Türkiýä getirildi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, Koronawak sanjymynyň täze tapgyrynyň ýurda getirilendigi bellenip, Türk howa ýollar kärhanasyna degişli uçar bilen Hytaýdan ýola çykan 5 million doza sanjymyň düýn irden Türkiýäniň wagty bilen sagat 06:00-da Stambula getirilendigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Geçen hepde bolsa 3 million doza Koronowak sanjymy Türkiýä getirilipdi. Täze getirilen 5 million dozalyk sanjym bilen birlikde soňky 10 günde jemi 8 million doza Sinowak sanjymy Türkiýä getirildi. Sanjymlar geçiriljek derňewlerden soň ulanylmaga beriler" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar