DAIŞ-iň Ýokary Derejeli Ýolbaşçysy Ele Salyndy

Terrorçy Türkiýede sorag ediler

1658307
DAIŞ-iň Ýokary Derejeli Ýolbaşçysy Ele Salyndy

Milli howpsuzlyk guramasy terror guramasy DAİŞ-iň “Türkiýe welaýatyndan jogapkär” diýilýän Kasym Güleri Siriýada geçiren operasiýasynda ele salyp, Türkiýä getirdi.

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä Milli howpsuzlyk guramasy terrordan gözlenýänleriň sanawynda gyzyl topara degişli bolan DAİŞ-iň hamala “Türkiýe welaýatyndan jogapkär” Abu Osama el Turki kodly Kasym Güleriň Siriýadan Türkiýä bikanun ýollardan geçip, sensasional aksiýa guramagy meýilleşdirýändigi hakynda çykan habardan soň işe girişdi.

Yzarlanan Güler, Siriýada geçirilen operasiýada ele salynyp, sorag edilmek üçin Türkiýä getirildi.

Güleriň ýarag we partlaýyjylar bilen bikanun ýollardan Türkiýä geçmäge taýarlanýandygy anyklandy.

Gyzyl toparda gözlenip, ele salynan ilkinji DAİŞ terrorçysydygy beýan edilen Kasym Güleriň ýanyndan köp sanly resminama bilen gizlin maglumatlar tapyldy.

Güleriň 2008-2010-njy ýyllaryň aralygynda Owganystan-Pakistan sebitine baryp, çaknyşyk zolaklarynda iş alyp barandygy, 2014-nji ýylda DAİŞ-iň hataryna goşulandygy anyklandy.

Guramada ýokary wezipeler eýeländigi beýan edilen Kasym Güleriň DAİŞ-iň hamala Russiýa, Ýewropa we Türkiýe boýunça maliýe işlerinden jogapkärdigi kesgitlendi.

 



Degişli Habarlar