Kalyn Bilen Salliwan Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Kalyn bilen Salliwan Owganystan, Siriýa, Liwiýa, Gündogar Ortaýer deňizi we Kipr meselesi hakynda pikir alyşdy
Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Kalyn bilen Salliwan özara gatnaşyklaryň başda durmagynda Owganystan, Siriýa, Liwiýa, Gündogar Ortaýer deňizi we Kipr meselesi bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Brýusselde geçiren özara duşuşgynda seljeriljek ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
NATO agza Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhümdigi bellenildi.
Türkiýe bilen ABŞ-ny ýakyndan gyzyklandyrýan meseleleriň özara bähbide laýyklykda çözülmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy.
Degişli Habarlar
Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa "Bozdogan-41" operasiýasy barada maglumat berdi
Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan operasiýa bilen bagly maglumat berdi
Hakan Fidan Kaşgar we Urumçi şäherlerine sapar guraýar
Ministr Hakan Fidan Urumçu we Kaşgar şäherlerine gurajak saparyndan soň Türkiyä gaýdyp geler