Gara sebitinde PKK-a agza iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Terrorçylar üçin hiç bir ýer howpsuz däl. Türkiýäniň Ýaragaly güýçleriniň we Milli Howpsuzlyk gullugynyň koordinasiýasy esasynda geçirilen işleriň netijesinde Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde anyklanan PKK-a agza 2 terrorçy, Harby-howa güýçlerimiz tarapyndan geçirilen üstünlikli howa operasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi.
Milli Howpsuzlyk gullugy 6-njy iýunda hem üstünlikli operasiýa geçirip, terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçysy we Mahmur sebitinden jogapkäri agzasy "Doktor Hüseýin" adyny ulanýan Selman Bozkyry täsirsiz ýagdaýa getiripdi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.