Erdogan "MFA Kojaýusuf" maska fabriginiň açylyşynda çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, koronawirus epidemiýasynyň iň ýaramaz wagtlarynda, dünýäde çarhlaryň durmak nokadyna gelen wagtynda hem Türkiýäniň ykdysadyýetiniň otlaýjysynyň ýapylmandygyny habar berdi

1651994
Erdogan "MFA Kojaýusuf" maska fabriginiň açylyşynda çykyş etdi

Prezident Erdogan Zonguldak welaýatynda "MFA Kojaýusuf" maska fabriginiň açylyşyn dabarasynda çykyş etdi.

Çykyşynda: "Öndüren, eksport eden, esasan hem raýatlarymyzy iş bilen üpjün edýän we duzuny beren, ykdysadyýetimiziň güýjüne güýç goşýan her bir işewür adamyň başymyzyň üstünde ýeri bardyr" diýip aýdan Erdogan: "Türkiýäniň senagaty ykdysadyýetimiziň büdremegini umyt edenlere garamazdan işlemäge, öndürmäge, raýatlarymyz üçin iş orunlaryny döretmäge dowam edýär" diýip habar berdi. 

Ýerli-daşary ýurtly diýip tapawut goýmadan, hiç kimi aýyrmadan, daşlaşdyrmadan Türkiýäniň ykdysadyýetine ynanan her kime eýe çykandyklaryny aýdan Erdogan: "Kowid-19 tapgyrynda dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hem maska söweşine giren, dem alyş enjamlarynyň ýetmezçiligini çeken, garrylar öýleriniň morga öwrülen bir döwürde biz ýokary derejeli saglygy goraýyş hyzmatlaryny mugt ýagdaýda hödürledik" diýip mälim etdi. 

Erdogan koronawirus epidemiýasynyň iň ýaramaz wagtlarynda, dünýäde çarhlaryň durmak nokadyna gelen wagtynda hem Türkiýäniň ykdysadyýetiniň otlaýjysynyň ýapylmandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar