Bitlisde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň biriniň adynyň çal sanawda bolandygy anyklandy
Içeri işler ministrligi beýanat berdi
Türkiýäniň Içeri işler ministrligi Bitlis welaýatynda täsirsiz ýagdaýa getirilen 3 terrorçynyň biriniň Terror sanawynyň çal kategoriýasy boýunça gözlenýän, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Garzan welaýatynyň Tatwan-Hizan sebitinden jogapkär ýolbaşçy bolan, "Eriş Garzan" adyny ulanýan Hikmet Geziji bolandygynyň anyklanandygyny habar berdi.
Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, "Eren-11" operasiýasynyň çäginde Bitlis welaýatynyň Tatwan etrabynda anyklanan terrorçylara garşy welaýat Žandarma güýçlerine degişli desant we ýöriteleşdirilen toparlaryň gatnaşmagynda operasiýanyň başladylandygy ýatladyldy.
Beýanatda düýn geçirilen operasiýada 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi, terrorçylaryň biriniň Terror sanawynyň çal kategoriýasy boýunça gözlenýän, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Garzan welaýatynyň Tatwan-Hizan sebitinden jogapkär ýolbaşçy bolan, "Eriş Garzan" adyny ulanýan Hikmet Geziji bolandygynyň anyklanandygy mälim edildi.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan, Eýranyň Daşary Işler Ministriniň Wekili Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Fidan dost we doganlyk eýranyň halkyna duýgudaşlyk bildirdi.