Türkiyäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 114 boldy.

1651302
Türkiyäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 47 müň 882 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 222 müň 847 adam testden geçirilip, ýene-de 563 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 6 müň 602 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 8 müň 540 adam bilen birlikde saglyk ýagdaýy gowulananlaryň sany 5 million 139 müň 993 adama ýetdi.



Degişli Habarlar