Parahatçylyk çeşmesi sebitinde üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi beýanat berdi

1651025
Parahatçylyk çeşmesi sebitinde üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde ýol gözegçilik nokadymyza bomba ýüklenen motosikl bilen hüjüm guramaga synanyşan 1 terrorçy we günorta tarapdan sebite girmäge synanyşan 2 terrorçy bolmak bilen PKK/ÝPG-e agza jemi 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar