Şentop Pakistanyň Prezidenti Alwi Bilen Duşuşdy

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentarlar Assambleýasynyň Maslahatyna gatnaşmak üçin Pakistana sapar guraýar

1649714
Şentop Pakistanyň Prezidenti Alwi Bilen Duşuşdy

Saparyň çäginde paýtagt Yslamabatda Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi tarapyndan kabul edildi.

Şentop duşuşykda Alwi bilen musulman ýurtlarynyň meseleleriniň başda durmagynda özara gatnaşyklar we koronawirus pandemiýasy hakynda pikir alyşdy.

Mejlisiň Başlygy Mustafa Şentop iki ýurduň arasyndaky gataşyklara ünsi çekip: “Ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky bu saýlama gatnaşyklar, agyr günlerde we milli meselelerimizde birek-birege berýän goldawymyz bilen hem özüni subut eden gatnaşyklar” diýdi.

Mustafa Şentop: “Halklarymyzyň wekilleri bolup durýan parlamentlerimizin arasyndaky gatnaşyklaryň hem özara hyzmatdaşlygy hem-de durnukly gatnaşyklary ösdürmek umumy maksadymyz bolup durýar” diýdi.

Türkiýe bilen Pakistanyň Kowid-19 pandemiýasyndaky hyzmatdaşlygy bilen hem beýleki ýurtlara görelde bolandygyny beýan eden Şentop, pandemiýanyň hem saglygy goraýyş pudagynda hem-de ykdysady taýdan ýaramaz täsirleriniň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýändiklerini nygtady.

Pakistanyň Prezidenti Alwi bolsa, Türkiýe bilen Pakistanyň atlarynyň tapawutly bolandygyna garamazdan bir ýurtdugyna ünsi çekip, iki ýurduň taryhy gatnaşyklarynyň bardygyny we Garaşsyzlyk söweşinde Lahor meýdanynda jemlenen kömekleriň özara gatnaşyklaryň beýany bolup durýandygyny aýtdy.

Günsaýyn ýaýraýan yslamafobiýa garşy göreş boýunça hem bütin dünýä hakyky yslamy düşündirmegiň möhümdigini nygtan Alwi; “Türkiýe we Pakistan, bilelikde yslam dünýäsine öňbaşçylyk etmeli” diýdi.



Degişli Habarlar