Şu ýylyň başyndan bäri 1162 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Şu ýylyň başyndan bäri ýurdyň öz içinde we daşary ýurtlarda geçirilen operasiýalarda 1162 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1648405
Şu ýylyň başyndan bäri 1162 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, ähli terror guramalaryna garşy göreşiň hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtlarda dowam edýändigi mälim edildi. 

23-nji aprelde başlan we Yragyň demirgazygyndaky Metina we Awaşin-Basýan sebitlerini öz içine alýan ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän Penje operasiýalary meýilleşdirilşi ýaly dowam edýär. 

Şu günki güne çenli 1-i sebitiň jogapkär ýolbaşçysy bolan jemi 142 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 57 gowak, 110 gaçybatalga, 398 mina täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Soňky wagtlarda uçara meňzeş model uçar we dronlar bilen guralýan hüjümlere garşy bolsa her dürli çäreler görülýär. Şol çäkde 25-nji maýda uçurylan ýeri anyklanan model uçaryň uçurylyş zolagy ýok edildi, 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Şu ýylyň başyndan bäri serhetlerden bikanun ýagdaýda geçmäge synanyşan 5 müň 869-sy maý aýynda bolmak bilen jemi 62 müň 296 adam saklandy. 52-si terror guramasy FETÖ agza bolan jemi 138 terrorçy tussag edildi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #operasiýa

Degişli Habarlar