“Ýefrat Galkany” Operasiýasy Zolagynda 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
"Sebitiň howpsyzlygynyň we durnuklylygynyň goralyp saklanmagy üçin degişli çäreleri görmäge dowam ederis”
1647933
Siriýada “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda, terrorçylaryň “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändikleriniň anyklanylandygy nygtaldy.
Habarnamada, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 2 terrorçy gahryman esgerlerimiz tarapyndan guralan operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi. Sebitiň howpsyzlygynyň we durnuklylygynyň goralyp saklanmagy üçin degişli çäreleri görmäge dowam ederis” diýildi.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan, Eýranyň Daşary Işler Ministriniň Wekili Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Fidan dost we doganlyk eýranyň halkyna duýgudaşlyk bildirdi.