Prezident Erdogan Göz Gözleg İşleriniň Netijeleriniň Alynmana Başlanandygyny Aýtdy

Prezident R.T.Erdogan Gara deňizde 405 milliard m3 gazyň tapylmagyndan soň, gury ýerdäki barlaglaryň hem netijeleriniň alynmana başlanandygyny beýan etdi

1646800
Prezident Erdogan Göz Gözleg İşleriniň Netijeleriniň Alynmana Başlanandygyny Aýtdy

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygy Erdogan, Demokratiýa we azatlyklar adasynda partiýasynyň Welaýat ýolbaşçylarynyň giňeldilen mejlisinde çykyş etdi.

Çykyşynda ykdysadyýetde üstümizdäki ýylyň dowamynda uly ösüş edilmegine garaşylýandygyny nygtan Erdogan; “Gara deňizde 405 milliard m3 gazyň tapylmagyndan soň gury ýerdäki barlaglarymyzdan hem netijeleri almaga başladyk. Soňky bir ýylda 3 guýuda nebit tapyldy” diýdi.

Erdogan: “Türkiýe Nebitleri” paýdarlar jemgyýetiniň 2021-nji ýylda ýurduň içindäki gündelik önümçiligi 3 açyş bilen birlikde ortaça 61 müň barrelden geçdi” diýdi.

Konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanyş tapgyry hakynda-da durup geçen Erdogan: “Giň halk köpçüliginiň gatnaşmagynda konstitutsiýanyň täze tekstini Mejlisde kabul etdirip, milletimiziň garamagyna hödürlemegiň hötdesinden gelsek nähili gowy bolar. Maksadymyz Mejlisdäki ähli partiýalaryň täze we raýat konstitutsiýanyň taýarlyklaryna oňyn, işjeň we içgin goldaw bermegi” diýdi.



Degişli Habarlar