Izmir welaýatynda Türkiýäniň suw giňişligine itilen 21 bosgun halas edildi

Kenara çykarylan bosgunlar, deslapky işlerden soň Migrasiýa edarasyna ugradyldy

1646457
Izmir welaýatynda Türkiýäniň suw giňişligine itilen 21 bosgun halas edildi

Izmir welaýatynyň Dikili etrabynyň suw giňişliginde Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk edarasy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 21 bosgun halas edilip, kenara çykaryldy. 

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar, etrabyň suw giňişliginde çiýşirilen gaýykda bosgunlaryň bardygy barada alan maglumatlarynyň esasynda sebite Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli gaýyk gönükdirdiler. 

Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilendigi kesgitlenen 21 bosgun halas edildi. 

Kenara çykarylan bosgunlar, deslapky işlerden soň Migrasiýa edarasyna ugradyldy. 



Degişli Habarlar