Prezidentiň kompleksinde Ýerli sanjym işleri bilen bagly maslahat geçirildi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen maslahatda kliniki synaglary dowam edýän ýerli koronawirus sanjym bilen bagly işler ara alynyp maslahatlaşyldy

1645755
Prezidentiň kompleksinde Ýerli sanjym işleri bilen bagly maslahat geçirildi

Prezidentiň kompleksindäki maslahata Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank we degişli guramadyr-edaralaryň resmileri gatnaşdylar. 

Soňky 2 aýda ýene-de 2 sanjymyň kliniki synag tapgyryna geçmegi bilen sanjym dalaşgärleriň sanynyň jemi 4-e ýetendigi bellenip, sanjymlaryň gyssagly ýagdaýda tassyklanmagy bilen dowamly önümçilikde hiç hili päsgelçiligiň başdan geçirilmezligi üçin görüljek çäreler ele alyndy. 

Kaýseri Erjiýes uniwersitediniň mugallymy Prof.Dr. Aýkut Özdarendeli tarapyndan oýlanyp tapylan inaktiw sanjymyň 2-nji tapgyr synaglary bilen baglanşykly oňyn netijeleriň alynandygy bellenen maslahatda, 3-nji tapgyr synaglara geçmek üçin taýarlyklaryň tamamlanyp barýandygy nygtaldy. 

Maslahatda iýun aýynyň ilkinji hepdesinde başladylmagy meýilleşdirilen 3-nji tapgyr synaglaryň has köp meýletiniň üstünde synagdan geçiriljekdigi we meýilnamanyň çäginde sanjymyň sentýabr-oktýabr aýlarynda gyssagly ýagdaýda tassyklanmagyna garaşylýandygy beýan edildi. 

Beýleki tarapdan Türkiýe tarapyndan oýlanyp tapyljak sanjymlaryň dünýäniň dört künjeginde sanjyma ýetip bilmeýän ýurtlar üçin hem umyt boljakdygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar