Penje operasiýalarynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 129-a ýetdi
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi geçirilen howa operasiýasy barada maglumat berdi
Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 4 terrorçynyň howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Terrorçylaryň hinlerini üstlerine ýumurmaga dowam edýäris. Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 4 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelik bilen 23-nji aprelde başladylan Penje operasiýalarynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 129-a ýetdi" diýip habar berildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.