Terror Guramasyna Degişli Ýaraglar Hatardan Çykarylýar

“Eren-8 Amanoslar” operasiýasynda ýerleri anyklanylan iki ýerasty ammarynda köp sanly ok-däri ele geçirildi

1643199
Terror Guramasyna Degişli Ýaraglar Hatardan Çykarylýar

 

Amanos daglarynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän “Eren-8 Amanoslar” operasiýasynda ýerleri anyklanylan iki ýerasty ammarynda köp sanly ok-däri ele geçirildi.

Welaýat häkimliginden berlen beýannamada, Paýas etrabynda “Eren-8 Amanoslar” operasiýasynyň çäginde iki ýerasty ammarynyň ýeriniň anyklanylandygy nygtaldy.

Beýannamada “Ýurduň içinde geçirilýän netijeli operasiýalar bilen uly zarba urlan terror guramasynyň gowaklary, gaçybatalgalary we şol ýerlerde ele geçirlen gurama degişli ýaraglar we ok-däriler ýeke-ýekeden hatardan çykarylýar” diýildi.



Degişli Habarlar