Türkiýäniň suw giňişligine itilen bosgunlar halas edildi

Balykesir welaýatynyň Aýwalyk etrabynda, Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 30 bosgun halas edilip, kenara çykaryldy

1635083
Türkiýäniň suw giňişligine itilen bosgunlar halas edildi

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy, Balykesir welaýatynyň Aýwalyk etrabynyň suw giňişliginde çiýşirilen gaýykda bosgunlaryň bardygy barada alan maglumatynyň esasynda işe girişdi. 

Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilendigi anyklanan 30 bosgun halas edilip, kenara çykaryldy. 

Bosgunlar deslapky işlerinden soň Aýwalyk etrabynyň Daşary ýurtly raýatlary yzyna ugratmak merkezine ugradyldy. 



Degişli Habarlar