Prezident Erdogan Kutul Amare Ýeňişiniň Gahryman Şehitlerini Hatyralady

“ Kutul Amare ýeňişiniň 105-nji ýylynda gahryman şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýaryn”

1631235
Prezident Erdogan Kutul Amare Ýeňişiniň Gahryman Şehitlerini Hatyralady

 

Prezident R. T. Erdogan, türk goşunlarynyň ýazan deňsiz taýsyz dessany bolan Kutul Amare ýeňişiniň 105-nji ýylynda gahryman şehitleri uly hormat bilen hatyralady.

Prezident Erdogan Kutul Amare ýeňişiniň 105 ýyllygy mynasibetli sosial mediadan beren habarnamasynda “Halkymyzyň ýazan deňsiz taýsyz dessany bolan Kutul Amare ýeňişiniň 105-nji ýylynda gahryman şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.

Yrak frontonda 1016-njy ýylyň 29-njy aprelinde türk goşunlarynyň gazanan ýeňişi bilen netijelenen Kutul Amare söweşi, I jahan urşunyň esasy söweşlerinden biri hökmünde kabul edilýär.

Bu ýeňiş, Çanakgaladan soň I jahan urşunyň iň uly ýeňişi hökmünde bilinýär.



Degişli Habarlar